Biziň hyzmatlarymyz
TurkmenExport – gümrük dolandyrmalary meseleleri boýunça maslahat bermek. Kärhana baglaşylan şertnamalaryň esasynda eýeçiligiň ähli görnüşindäki ýurdumyzyň haryt öndürijilerinden ýerlemek üçin harytlary kabul edýär; birža söwdalaryna dahylly bolmazdan satuwa niýetlenen harytlary daşary ýurtly alyjylara ýerleýär. Daşary ýurtlara harytlary eksport etmek üçin has amatly şertleri döretmek maksady bilen, serhetýaka söwda nokatlarynyň hem-de daşary ýurtlarda açylan şahamçalaryň we wekilhanalaryň üsti bilen daşary söwda işlerini amala aşyrýar.
Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, daşary ýurtlara eksport edilýän ýurdumyzda öndürilen önümleriň möçberlerini yzygiderli artdyrmak hem-de zerur bolan harytlary ýurdumyza getirmek üçin has amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy martyndaky № 12182 Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzüminde döredildi. “Türkmeneksport” hojalyk hasaplaşykly döwlet kärhanasy Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň we hyzmatlary ýerine ýetirijileriň, öz harytlaryny eksport etmäge gyzyklanma bildirýänleriň harytlaryny we hyzmatlaryny dünýä bazarlarynda giňden wagyz etmegi, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlary we alyjylary özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygyna çekmegi alyp barýan işleriniň esasy maksady hökmünde kesgitleýär, munuň özi ýurdumyzda öndürilen haryt önümleriniň dünýä bazary bäsleşiginde ýokary derejesini şertlendirýär.
“Türkmeneksport” hojalyk hasaplaşykly döwlet kärhanasynyň baglaşan eksport şertnamalary birža ýygymlary tölenilen güni biržada bellige alynmagy amala aşyrylar, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň degişli düzüm böleklerinde baglaşylan şertnamalar boýunça resminamalary resmileşdirmegiň tizleşdirilen tertibi göz öňünde tutulýar. “Türkmeneksport” hojalyk hasaplaşykly döwlet kärhanasy birža söwdalaryna gatnaşmazdan, Türkmenistanda öndürilen we ibermek üçin ýüklemäge taýýarlanylan, aşakda sanawy görkezilen önümleri amatly ýerlemek babatda aýratyn artyk hukuklara eýedir: dokma-pagta önümleriniň giň sanawy; karbamid, kaliý we beýleki himiýa önümleri; ýod galamy we derman senagatynyň beýleki görnüşleri; türkmen halylary, ýüplük, ýüň; azyk, alkogolly we alkogolsyz önümleriniň köp görnüşi.