News

Home / News / Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglanyldy
25.05.2023
Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglanyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzda 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirilen abraýly halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çäräniň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmeginde çuňňur many bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda milli sporty dünýä derejesine çykarmak, türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri gazanmaklaryny we iri sport ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty giňden wagyz etmek hem-de ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak halkymyzyň saglygynyň, bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň möhüm şerti bolup, gülläp ösýän döwletimiziň binýadyny emele getirýär. Şu maksat bilen, soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, türgenleşik zallary we ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen ugurdaş desgalar bina edildi hem-de gurluşyklary dowam etdirilýär. Türgenleri, hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň usulyýeti, ýaryşlary geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi.

Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy, onda milli sportuň taryhynda täze sahypany açan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi türkmen sportunyň ösüşiň täze derejesine çykmagyny şertlendirdi. Iri sport ýaryşlarynyň ýurdumyzda yzygiderli guralmagy we türkmen türgenleriniň abraýly halkara bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr.

Häzirki günde milli sportuň iň saýlama wekilleri halkara ýaryşlarda üstünlik gazanyp, dünýä ýaryşlaryndaky uly ýeňişleri bilen ildeşlerimizi yzygiderli begendirýärler. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji Olimpiýa kümüş medalynyň gazanylmagy ýurdumyzyň milli sportunyň taryhynda täze sahypany açdy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda hem Diýarymyzyň türgenleri täze ýeňişleri bilen türkmen sportunyň abraýyny belende göterýärler.

...Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» täze wezipeleri öňümizde goýmak bilen, türkmen sportuny dabaralandyrmagy, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmegi göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş türgenlere iberen Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň türgenleriň öňünde sportda üstünlikleri gazanmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygy barada aýratyn bellenilýär.

Şeýlelikde, güýçli we çalasyn türgenleriň ýurdumyzyň ägirt uly üstünlikleri gazanan, ady rowaýata öwrülen we ähli halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgularyny döreden halypa türgenleriň ýoluny mynasyp dowam etdirjekdiklerine şek-şübhe ýokdur. Türgenleri sylaglamak dabaralaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülmegi olaryň ýurdumyzyň sportunyň ösdürilmegine hem-de Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende göterilmegine goşýan uly goşantlaryna hoşallygyň aýdyň subutnamasydyr.