Новости

Главная страница / Новости / Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.05.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III-niň we Premýer-ministr Rişi Sunagyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Stiwen Konlony jogapkärli wezipä bellenilmegi we Türkmenistanda işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda Onuň Alyjenaby Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, Londona iş saparyny amala aşyrandygyny belläp, saparyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlik üçin Beýik Britaniýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III bilen söhbetdeşlikde onuň Türkmenistana ozal amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdandygyny we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine özara ynam bildirilendigini belledi.

Duşuşygyň çäklerinde köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Beýik Britaniýanyň doly ygtyýarly wekili umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa birnäçe ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek esasynda yzygiderli pugtalandyrylýar, syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Ýurtlarymyz diňe ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda-da üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iri we abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlara berilýän özara goldaw munuň aýdyň subutnamasydyr.