Biz barada

“TürkmenEksport” hojalyk hasaplaşykly döwlet kärhanasy Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy martyndaky № 12182 kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzüminde döredildi

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»

Biziň hyzmatlarymyz

TurkmenExport – gümrük dolandyrmalary meseleleri boýunça maslahat bermek. Kärhana baglaşylan şertnamalaryň esasynda eýeçiligiň ähli görnüşindäki ýurdumyzyň haryt öndürijilerinden ýerlemek üçin harytlary kabul edýär; birža söwdalaryna dahylly bolmazdan satuwa niýetlenen harytlary daşary ýurtly alyjylara ýerleýär.

Daşary ýurtlara harytlary eksport etmek üçin has amatly şertleri döretmek maksady bilen, serhetýaka söwda nokatlarynyň hem-de daşary ýurtlarda açylan şahamçalaryň we wekilhanalaryň üsti bilen daşary söwda işlerini amala aşyrýar.

Doly görmek
Ýurdumyzyň eýeçiligiň ähli görnüşindäki haryt öndürijileriniň harytlaryny ýerlemek
Birža söwdalaryna dahylly bolmazdan satuwa niýetlenen harytlary daşary ýurtly alyjylara ýerlemek
Serhetýaka söwda nokatlarynyň hem-de daşary ýurtlarda açylan şahamçalaryň we wekilhanalaryň üsti bilen daşary söwda işlerini amala aşyrmak.

Önümler

Ählisini görmek
DOKMA SENAGATY
AZYK SENAGATY
LUKMANÇYLYK SENAGATY
DÜRLI IÇGILERIŇ ÖNÜMÇILIGI
Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi — döwrüň möhüm talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegini, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirýär. Bu ugurdaky, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlykda işjeň orun eýelemek bilen, Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär hem-de sebit, yklymüsti derejedäki köpşahaly bitewi ulag düzüminiň kemala getirilmegine goşant goşýar. Türkmen tarapynyň başlangyçlary boýunça birnäçe Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň beýanydyr. Şolaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda, 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegini görkezmek bolar. Bu senäniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Halkara ülňülere laýyk gelýän hem-de maglumat alyşmasyny ýokary hilli üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez hökmünde, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde ähmiýetiniň barha artmagyna ýardam berýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy, ilata «Bir penjire» elektron görnüşli dürli döwlet hyzmatlaryny ýola goýmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Ählumumy derejede maglumatlaşdyrmak we internetleşdirmek durmuşymyzda hem-de işimizde düýpli özgerişliklere, köp hyzmatlaryň awtomatlaşdyrylmagyna getirýär. Hojalygy ýöretmegiň bazar ulgamyna geçilmeginiň şertlerinde döwrebap maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanmak Türkmenistan üçin zerurlyga öwrüldi. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz döwür bilen deň gadam urmak babatda öz öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini goýdy. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň möçberine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde internetiň giňden elýeterliligini üpjün etmek arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň düzümleri tarapyndan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Sarp edijileriň ýokary derejeli aragatnaşyk hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, maglumatlary geçirmegiň tizligini ýokarlandyrmak üçin ministrlikler, häkimlikler we pudak edaralary tarapyndan öz serişdeleriniň hasabyna Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerlerinde ýerleşýän binalara, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işleri alnyp barylýar. Köpugurly “Bir penjire” ulgamyny döretmek boýunça işler dowam etdirilip, oňa ýüzlenmek bilen, edaralaryň, guramalaryň hödürleýän sanly hyzmatlaryndan elýeterli we amatly ýagdaýda peýdalanyp bolýar. Bu usul hödürlenilýän hyzmatlaryň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmaga, edara ediş işinde maliýe çykdajylaryny azaltmaga, müşderiniň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi elektron resminama dolanyşygy we elektron hökümet ulgamyny döretmekde nobatdaky ädim bolup durýar. Häzirki günde resmi hasaba alnan ulanyjy öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri üçin tölegleri töläp bilýär. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, ýakyn geljekde hyzmatlaryň görnüşleri giňeldiler. Şeýle hem pasport hasaba almak, wizalar, sürüjilik şahadatnamalary, pensiýalar we kömek pullary, salgytlar, iş üpjünçilik, umuman, telekeçilik işinden başlap, durmuş ugurlaryna çenli ençeme beýleki meseleler boýunça onlaýn tertipde ýüz tutup bolar. Internet sahypasyna girýänlere amatly bolar ýaly, ol iki dilde — türkmen we rus dillerinde köpçülige ýetirilýär. Elektron hyzmatlaryň ösdürilmegi täzeçil tehnologiýalar boýunça ýöriteleşdirilen bölümler döredilen her bir ministrlikde we edarada degişli programma üpjünçiligini talap edýär. Şeýle hem elektron ulgamyň goraglylygyny üpjün etmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak zerurlygy artýar. Çünki kommunikasiýalar ulgamynyň geljegi “internet meýdançalary”, “bulutlaýyn hyzmatlar”, “5G”, “Big Data” tehnologiýalaryna geçmek, “ykjam maliýe”, “mazmuny özleşdirmegiň usullary” ýaly düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, tebigy gazyň, suwuň, elektrik energiýasynyň ulanylyşyny hasaba alýan tehniki serişdeleriň, Wi-Fi enjamlarynyň, gurallaryň, IP-týunerleriň, modemleriň önümçiliginiň öz ýurdumyzda ýola goýulmagy Türkmenistanyň elektron senagat we elektron hyzmatlar ulgamyny ösdürmegiň wezipeleriniň hataryndadyr. Simli we simsiz aragatnaşygyň, telekommunikasiýa ulgamlarynyň we beýlekileriň işine gözegçiligiň, ony guramagyň ýörelgeleri we umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar. Meýilleşdirilen işleriň amala aşyrylmagy ilatyň, şol sanda oba adamlarynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, halk hojalyk toplumynyň netijeliligini, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, dünýä bazaryna doly derejede goşulyşmagyny we maýa goýum babatda özüne çekijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer. 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly güýjünde ulanylmalydygyny belläp, deňiz we derýa ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň, hyzmatlaryň täze daşary ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 108,9 göterime barabar boldy. Garalýan döwürde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň “ýaşyl” portlarynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler ýerine ýetirildi. 1-nji iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamasyny gowşurdy. Bu resminama ÝHHG-niň «Hazar sebitinde “ýaşyl” portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde berildi. Ol Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alşygyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platformanyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgam, öz gezeginde, Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler. Bar bolan mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, Hazar sebitiniň döwletleri bilen ulag we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ÝHHG we käbir Ýewropa ýurtlary tarapyndan bu taslama goldanylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “EcoPorts” şahadatnamasyna eýe bolmagy oňa Ýewropanyň ulag ulgamyna integrirlenen “ýaşyl” port derejesini berer. Bu bolsa, öz gezeginde, türkmen porty üçin täze mümkinçilikleri açar, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden ýük daşamalarynyň netijeliligini we tizligini ýokarlandyrar. Portuň öňdebaryjy infrastrukturasy, düzüm bölekleri diňe bir bar bolan talaplary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde ediljek talaplary hem ýokary hilli hyzmaty bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Onuň doly kuwwatynda işe girizilmegi kontinental ýük daşamalaryň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we türkmen üstaşyr terminallary has gysga hem-de bähbitli ugurlar üçin iň amatly terminallar hökmünde bu zynjyryň möhüm halkasy bolar. Portuň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagy Hazar deňzi sebitine uly göwrümli we agyr ýükleriň ulagyň dürli görnüşleri bilen getirilmeginiň aýratynlyklary, olaryň biziň ýurdumyzyň çäklerinden Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirilmegi babatda hyzmatdaşlygy täze derejelere çykaryp, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam eder. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoluny, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol we awtomobil köprülerini, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoluny nazara alanyňda, Watanymyzyň ulag-logistika ulgamyndaky mümkinçilikleriniň uludygyny görmek bolýar. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň we köpriniň gurulmagy söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, iki ýurduň arasyndaky ýük dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Bu taslama ýurdumyzyň sebitlerini gysga ugurlar bilen baglanyşdyrmaga we ulag akymlarynyň ygtybarly, bökdençsiz ýoluny işe girizmäge mümkinçilik berer. Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda, Maryda ulanmaga berlen döwrebap ýolagçy terminallary milli we sebit derejesindäki ähmiýetli desgalar bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe awtomobil ulaglary pudagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýär we goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyz bu ugruň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýändigini görkezýär we birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmak arkaly sebitiň döwletleri hem-de halkara guramalar bilen ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär. Raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýrylmaz bölegidir. Bu pudak soňky döwürde uly ösüşe eýe boldy. Bu ugurda iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman howa menzilleri guruldy. Ýurdumyzyň howa gämiler toplumynyň üsti iň täze uçarlar bilen doldurylýar. Şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgininiň 291,4 göterime barabar bolandygy bellenildi. Degişli döwürde täze «Airbus A330-200 P2F» kysymly 2 sany ýük uçary satyn alnyp, täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary boýunça ýük howa gatnawlary amala aşyrylyp başlandy. Häzirki wagtda dürli ýurtlar bilen howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýär. Ýolagçylaryň aglabasy halkara howa ýollary arkaly işewürlik ýa-da medeni syýahatçylyk maksady bilen syýahat edýärler. Şoňa görä-de, bu babatda milli awiasiýa esasy orny eýeläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda geçirilýän ugurdaş pudaklaýyn forumlar bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň şeýledigini 3-4-nji maýda 40-dan gowrak döwletden wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we onuň çäklerinde guralan çäreler aýdyň subut etdi. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, maslahatyň çäklerinde özara duşuşyklaryň 100-e golaýy geçirilip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekildi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredijilik başlangyçlary bilen yzygiderli ösüş häsiýetine eýe bolup, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, sebitiň möhüm söwda, iri üstaşyr ulag we dünýä ähmiýetli telekommunikasiýa ýollarynyň merkezinde ýerleşýän Watanymyzyň ulag-aragatnaşyk pudagy hem ösüşiň belent sepgitlerine ýetýär.
08.08.2023
Doly görmek
«Çeper» ýurdumyzyň mekdep bazarlaryny işjeň üpjün edýär
Şu ýyl täze okuw ýyly üçin mekdep eşikleriniň giň görnüşi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Çeper» Daşoguz egin-eşik fabriginiň işgärleri tarapyndan hödürlenýär. Kärhana birnäçe ýyllardan bäri mekdep bazarlaryna önümleri işjeň berijileriň biri hökmünde üstünlikli çykyş edýär. Onuň önümlerine diňe bir ýerli okuwçylaryň arasynda däl, eýsem, sebitdäki deň-duşlarynyň arasynda-da isleg bildirilýär. Mekdep eşikleri pudagyň ýöriteleşdirilen dükanlarynda köp satylýar. Geýimleriň ähli görnüşleri içerki önümçiligiň çydamly we ekologiýa taýdan arassa materiallaryndan ýokary hilli ýasalýar we olar geýmek, kesmek we tikin etmek üçin amatly. «Çeper» egin-eşik kärhanasy Daşoguz welaýatynyň iň gadymy kärhanalarynyň biridir. Iň oňat däp-dessurlaryň yzygiderliligi, toplanan tejribe we köpdürli amallary netijeli ýerine ýetirip bilýän we dürli materiallar bilen işlemek üçin döredilen ýokary tehnologiýaly enjamlary ussatlyk bilen ulanmak, tikinçilere moda tendensiýalaryna laýyk gelýän ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirlikçe onlarça görnüşli egin-eşik, ýorgan-düşek we öý dokma önümlerini öndürýändigine garamazdan, bu kärhana geljekde çykarýan önümleriniň üstünde gaýtadan işläp, olaryň köpdürlüligini has-da artdyrmagy maksat edinýär. Şeýlelikde, diňe şu ýyl on bäş million manatdan gowrak önüm öndürmek meýilleşdirilýär we häzirki wagtda bu ýerde on million manatdan gowrak dürli önüm tikildi.
09.08.2023
Doly görmek
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi

Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.

Häzirki döwürde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle-de “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň gurulmagyna, “akylly” öý tehnologiýalarynyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellärliklidir.

24.05.2023
Doly görmek
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!

Sizi ajaýyp arzuwlara, belent maksatlara beslenen durmuş ýoluňyzda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem «Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan çäreleriň bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratyny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar ýaşlarymyzda ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn.

«Soňky jaň» dabarasy berkarar Watanymyza, merdana halkymyza beýik buýsanjy terbiýeleýän bilimler baýramydyr. Jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan bu baýramçylyk bagtyýar uçurymlarymyz — geljegine ynamly ädimler bilen gadam goýýan ýigitlerimiz we gyzlarymyz tarapyndan ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler bilen gurşalýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň şanyna geçirilýän çuňňur many-mazmunly, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistanyň bagtyýarlyk mekany hökmünde bütin dünýädäki şöhratyny has-da dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, bagtyýar we abadan durmuşyň bähbidine okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Ýaşlarymyz ylymlaryny we bilimlerini ilimiziň baky bagtyýarlygyna, Watanymyzyň beýik geljegine, dünýädäki abraý-mertebämiziň has-da belende galmagyna bagyş etmelidirler.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýäris. Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurup, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrýarys. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýäris.

Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini dünýä ölçegleri esasynda has-da kämilleşdirýäris. Bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açmak maksady bilen, ylmyň iň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna giňden ornaşdyrýarys. Okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, mekdep okuwçylarymyzyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olary ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatda toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. 2022-2023-nji okuw ýylynda hem mekdep okuwçylarymyz halkara olimpiadalarda, ylmy we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu bolsa milli bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimiziň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip, geljekde hem beýik maksat üçin — Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak üçin yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek we gurmak bagtyýar nesillerimiziň belent borjy bolmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ylymly-bilimli, hünär taýdan taýýarlykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda hemişe alada ederis.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!

Sizi «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuwyňyzy üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ýoluňyzyň ak, ýürekleriňizde besleýän arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny arzuw edýärin, mähriban uçurymlar!

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

24.05.2023
Doly görmek