Biz hakda

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagynda özbaşdak hojalyk hasaplaşygynda işleýän “Türkmeneksport” Döwlet Kärhanasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýan harytlaryň daşary ýurtlara ýerlenişiniň möçberlerini artdyrrnak hem-de ýurdumyz üçin gerek bolan harytlary amatly şertlerde getirmegi üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy martyndaky Kararyna laýyklykda döredildi Ýokarda görkezilen işleri amala aşyranda, “Türkmeneksport” Döwlet kärhanasy aşakdaky ýeňüliklerden peýdalanýar:

  • ýurdumyzyň eýeçiligiň ähli görnüşindäki haryt öndürijilerinden, olaryň öndüren harytlaryny şert-nama esasynda alýar;
  • Satlyga niýetlenen harytlary özbaşdak, birža söwdalaryna gatnaşmazdan daşary ýurt alyjylaryna ýerleyär.
  • harytlary daşary ýurtlara ýerlemäge has amatly şertleri döretmek maksady bilen daşary söwda işlerini Türkmenistanyň serhet geçelgeleriniň golaýynda döredilen daşary söwda menzilleriniň we daşary ýurtlarda açylan şahamçalarynyň, wekilhanalarynyň üsti bilen amala aşyrýar;

“Türkmeneksport” kärhanasynyň baglaşan eksport şertnamalaryny Biržada hasaba almak, birža ýygymy tölenen güni we şertnamalar boýunça namalary resmileşdirmek Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hem- de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň degişli düzümleriniň hersinde gysga möhletde amala aşyrylar.

“Türkmeneksport” Döwlet kärhanasynyň Türkmenistanda öndürilýän harytlary birža söwdalaryna çykarmazdan, dünýä bazarlarynda mahabatlandyrmaga, amatly bahalar bilen ýerlemäge artykmaç hukuklary bardyr. “Türkmeneksport” Döwlet kärhanasy eksport etmek isleýän ähli müşderileriniň harytlaryny dünýä bazarlaryna ýaýyp, olaryň bütindünýä ýüzündäki bazar gatnaşyklarynda abraýyny artdyryp, bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmaklygy baş maksat edinýär.

Sizi “Türkmeneksport” Döwlet kärhanasy bilen hyzmatdaşlyga çagyrýarys.

Önümler

Türkmendokma

Lukmançylyk senagatynyň önümleriniň eksporty

Türkmenistanyň Azyk Senagaty Assosiasiýasy

Goşmaça hyzmat

Ýokarda görkezilen işleri amala aşyranda, “Türkmeneksport” Döwlet kärhanasy aşakdaky ýeňüliklerden peýdalanýar:

  • ýurdumyzyň eýeçiligiň ähli görnüşindäki haryt öndürijilerinden, olaryň öndüren harytlaryny şert-nama esasynda alýar;
  • Satlyga niýetlenen harytlary özbaşdak, birža söwdalaryna gatnaşmazdan daşary ýurt alyjylaryna ýerleyär.
  • harytlary daşary ýurtlara ýerlemäge has amatly şertleri döretmek maksady bilen daşary söwda işlerini Türkmenistanyň serhet geçelgeleriniň golaýynda döredilen daşary söwda menzilleriniň we daşary ýurtlarda açylan şahamçalarynyň, wekilhanalarynyň üsti bilen amala aşyrýar;

Başga

Içgiler önümçiligi

16 сентября, 2018 | News | 2 Comments

Agyz suwy we miwe suwlaryny önümçiligi

Türkmen dokma

17 сентября, 2018 | News | 0 Comments

Türkmenistanyň Dokma senagaty minisrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň maý aýynyň 5-däki „Türkmenistanyň Dokma senagaty minisrliginiň meseleleri hakyndaky“ karary esasynda döredildi.

LUKMANÇYLYK SENAGATYNYŇ ÖNÜMLERINIŇ

17 sentýabr, 2018 | News | 0 Comments

Aşgabat şäheriniň “Berzeňňi” mineral bejeriş suwy kärhanasy ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň 7,5 km günortasynda, Merkezi Köpetdagyň dag eteginde ýerleşýär. 1250 metr çuňlukdan özi çogup çykýan № 1-nji çeşmäniň suwy özüniň düzüminde köp sanly peýdaly minerallary saklaýar. Onuň umumy minerallaşmasy M-3,2 g/dm3, temperaturasy 36 ºC, pH=3,3.

Türkmenistanyň Azyk Senagaty Assosiasiýasy

March 18, 2013 | News | 0 Comments

Assosiasiýanyň kärhanalary eýýäm şü günki günde çakyr önümleri, miwe kişdeleri, deri, içege çig maly, kazein, ter miwe-gök önümleri ýaly türkmen harytlarynyň eksport üpjünçiliginiň uly göwrümini amala aşyrýar. Eksport üpjünçiliginiň mümkinçiligi nukdaýnazardan pudagyň sekiz kärhanasynda öndürilýän ýokary hilli çakyr önümleri we konýak spirtleri has mäkäm orunlary eýeleýär.

Salgymyz

Biziň salgymyz: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1.
Telefonlary: (+993) 12 218628;
Faks: (+993) 12 218639
Elektron salgysy: turkmeneksport@mail.ru
Elektron salgysy: info@turkmenexport.gov.tm